

Russiýanyň gününe bagyşlanan konsert
Paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda 11-nji iýunda Russiýanyň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti bolar. Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri sowet kinofilmlerinden meşhur kompozisiýalary, şeýle hem rus nusgawy sazlarynyň eserlerini hödürlär.




















