Минздрав продлил тендеры на закупку медоборудования и запасных частей


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça yglan edilen
BÄSLEŞIKLERIŇ möhletini uzaldýar

Lot № 39 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak.
Lot № 40 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigine saglygy goraýyş edaralarynyň lukmançylyk enjamlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.


Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, resminamalar toplumyny almaly. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 40-04-79.

Последние новости