Тендер на госзакупки состоится 20 сентября
11.09.2021 | 17:08 |Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik geçirmek hakynda
BILDIRIŞ
1. LOT № 156.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda döwlet, welaýat, etrap we şäher merkezi kitaphanalaryny birleşdirýän bitewi elektron kitaphana ulgamynyň (BEKU) işini kämilleşdirmek we onuň bökdençsiz işlemegini ýola goýmak maksady bilen, yzygiderli tehniki hyzmaty ýerine ýetirmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi.
2. LOT № 189.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty, «Watan mukaddesligi» muzeýlerinde, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerinde hem-de Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýinde (7 muzeýde) sanly ulgam arkaly wirtual syýahaty guramak üçin web-saýty döretmek hem-de ornaşdyrmak.
Buýrujy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi.
3. LOT № 286.
Ministrlige degişli binalarda çillerlere tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
4. LOT № 291.
Gullugyň binalarynda gurluşyk hem-de abadanlaşdyryş işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
5. LOT № 292.
Gullugyň desgalarynda gurluşyk işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
6. LOT № 296.
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň täze obasynyň 28-nji köçesiniň gurluşyk-gurnama işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
7. LOT № 297.
Boldumsaz etrabynda gurulýan, kuwwatlylygy bir gije-gündizde 40 000 m3 agyz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşyk-gurnama işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
8. LOT № 303.
Gullugyň binalar toplumynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
9. LOT № 306.
Gumdag şäherindäki 160 orunlyk çagalar bagy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
10. LOT № 312.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy üçin okuw partalaryny we oturgyçlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi.
11. LOT № 314.
Ministrligiň degişli edaralary üçin arassaçylyk serişdelerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
12. LOT № 394.
Aşgabat şäheriniň ýaşaýyş toplumlarynyň köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça 30 sany suw sorujy bekediň hem-de agyz suwuny arassalaýjy desgalaryň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
13. LOT № 395.
Türkmenistanyň Hökümet münberiniň ikinji böleginiň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
14. LOT № 405.
Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň «Ahal» köçesiniň ugrunda gurulýan 2 gatly 20 sany ipoteka ýaşaýyş jaýynyň elektrik üpjünçiliginiň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
15. LOT № 408.
Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde gurulýan 2 gatly ipoteka ýaşaýyş jaýlarynyň daşky elektrik üpjünçiliginiň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
16. LOT № 409.
Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan şäherindäki güýjenmesi HU-10/0,4 kW bolan elektrik bekediniň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
17. LOT № 414.
Baýramaly şäherindäki 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
18. LOT № 415.
Mary şäheriniň Güneş şäherçesindäki 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
19. LOT № 419.
Ministrligiň degişli müdirligi üçin gap-gaçlary, enjamlary hem-de inwentarlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
20. LOT № 446.
Ministrligiň maliýe-hojalyk ulgamy üçin niýetlenen ýörite programma üpjünçiligini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
21. LOT № 452.
Ministrligiň degişli müdirliginiň gulluk atlary üçin ot-iýmleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
22. LOT № 453.
Ministrligiň degişli müdirligi üçin alýumin ýa-da polietilen mytara hem-de ýarym ýüň ýorgan serişdelerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
23. LOT № 454.
Ministrligiň degişli müdirligi üçin kir ýuwujy serişdesini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
24. LOT № 455.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň zerurlygy üçin «Motorola» aragatnaşyk serişdeleriniň akkumulýator batareýalaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
25. LOT № 457.
Gullugyň edaralarynda peýdalanmak üçin kompýuterleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.
26. LOT № 458.
Suwaryş hem-de şor-zeý akaba ulgamlaryny üýtgedip, gaýtadan gurmak bilen, Aşgabat şäheriniň oba hojalyk ähmiýetli ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi.
27. LOT № 460.
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Abadan ýaşaýyş toplumynyň «Ahal» köçesiniň günbatar bölegindäki gurluşyk desgalary üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
28. LOT № 466.
Aşgabat şäherindäki 35-nji orta mekdebiň içki elektrik ulgamynda hem-de 90-njy çagalar bagynyň daşky yşyklandyryş ulgamynda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
29. LOT № 467.
Aşgabat şäherindäki 113-nji orta mekdebiň ýylylyk ulgamynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
30. LOT № 468.
«Daşoguzwelaýatgurluşyk» önümçilik birleşiginiň binasyny 1-nji orta mekdebiň şahamçasyna, 1, 2, 3 we 4-nji synplary wagtlaýyn okatmak mekdebine öwürmek üçin durkuny täzelemek, Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäginde gurulýan täze, döwrebap şäherçede geňeşligiň edara binasynyň, Daşoguz şäheriniň Nowruz — 2 şäherçesindäki ýaşaýyş jaýlar toplumynyň (6 sany 4 gatly, 16 öýli we 6 sany 4 gatly 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň) gurluşyk işleri, Görogly etrabynyň Ýagtylyk geňeşliginiň Boýunbaş obasyndaky saglyk öýüniň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
31. LOT № 472.
«Türkmenabat — Mary» awtoulag ýolunyň Bitarap Türkmenistan köçesinden, Zerger — Üçajy demir ýolundan geçýän ýolüsti geçelgesine çenli aralygynda täze ýagtylandyryş ulgamyny gurnamak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
32. LOT № 473.
Kerki şäherindäki sagatda 100 ýolagça hyzmat edýän Halkara howa menziline çenli barýan awtoulag ýolunyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
33. LOT № 474.
Türkmengala etrap kazyýetiniň edara jaýy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
34. LOT № 476.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň degişli müdirliginiň ýangyn söndürijilerini doldurmak, kuwwatlandyrmak işlerini ýerine ýetirmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
35. LOT №422.
Ministrligiň degişli birlikleri üçin niýetlenen ýörite programma üpjünçiligini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
36. LOT №446.
Gullugyň Lebap welaýatynda ýerleşýän binalarynda düýpli abatlaýyş işlerinde gerek bolan dürli görnüşdäki harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
37. LOT №475.
Ministrligiň degişli binalarynda içki we internet toruny çekmek, olary işjeň ýagdaýa getirmek üçin doly enjamlaşdyrmak boýunça işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.
38. LOT №498.
Tehniki enjamlar üçin zerur bolan dürli görnüşli akkumulýator batareýalaryny satyn almak.
Satyn alyjy: degişli döwlet edarasy.
Bäsleşik 2021-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. Telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38, 39-46-32.