Täze tolkunyň iň geljegi uly arhitektorlaryndan biri hasaplanýan dünýädäki birnäçe taslamanyň awtory şeýle-de Şanhaýda we Milanda professional býurolary bolan Andrea Kaputo 2024-nji ýylda Italiýa dizaýn gününiň ilçisi bolup, Aşgabat şäherine geldi.

Bu başlangyjyň çäginde Italiýanyň Ilçihanasy Binagärlik we gurluşyk institutynda, Çeperçilik akademiýasynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, maslahatlary gurady. Meşhur binagär maslahatlarda leksiýalary berip, talyplaryň beren soraglaryna jogap berdi.

Onuň gatnaşmagy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda we ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hem duşuşyklar geçirildi.
2024-nji ýylda italiýan dizaýn gününiň çäginde Aşgabatda geçirilen çäreler, Italiýanyň eserleriniň we önümleriniň ykdysady we medeni ösüşdäki ähmiýetini hem-de aýratyn häsiýetlerini ykrar etmek üçin “Italiýada öndürilen” Milli gününiň döredilmeginiň mynasybetli gurnaldy.

Bu gün Leonardo da Winçiniň doglan gününiň 572 ýyllygy 15-nji aprelde belleniler. Ol suratkeş, heýkeltaraş we ýazyjy bolup, tank, dikuçar, paraşýut we aýlaw gulpyny oýlap tapypdyr. Ömrüniň dowamynda onlarça hünär çalyşdy we sungatda döredijiligiň beýany hökmünde ähliumumy italýan hiliniň mysallaryny görkezip, hemmesinde üstünlik gazandy.
ORIENT news
