Owganystanyň çäginde Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň bir böleginiň gurluşygyna taýýarlyk görülýär.
Bu etapda Owganystandaky döwlet edaralary bilen Hyrat welaýatynda TOPH gaz geçirijisiniň 150 kilometrlik bölegini gurmak strategiýasyny durmuşa geçirmek meýilnamalary boýunça işler alnyp barylýar, bu geçirijiniň gurulmagy ýerli senagat kärhanalaryny we raýat hojalygyny türkmen tebigy gaz bilen üpjün eder. Muny «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň direktory Muhammetmyrat Amanow Aşgabatdaky türkmen-owgan işewürler forumynda aýtdy.
Amanow türkmen tarapy, Hyrat welaýatynda senagat kärhanalary we öý hojalygy üçin gaz paýlaýyş torlaryny meýilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde owgan tarapyna tehniki kömek bermegini dowam etdirýär diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
“Türkmengaz” döwlet konserni, bu gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çäginden geçýän 214 kilometrlik böleginiň gurluşygyny tamamlady we ony ulanyşa doly taýýarlady.
ORIENT news
