Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hose Luis Martines Ernandesden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
Mähri Bäşimowa Ilçini bu wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa diplomatik işlerinde üstünlik arzuw etdi. Duşuşykda taraplar daşary syýasat edaralarynyň arasynda aragatnaşyk gurmak we Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmek arkaly syýasy-diplomatik ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada çykyş etdiler. Şeýle-de dürli halkara platformalarynda ýurtlaryň özara gatnaşyklaryna-da üns berildi. Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Meksikanyň täze Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara ş.) bilen geçirilen söhbetdeşlikde medeni, ynsanperwer, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk ugurlary agzaldy. Saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we atçylyk ugurlary özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
ORIENT news
