Şu ýylyň mart aýynda Ženewada geçiriljek Ählumumy metan forumynyň çäklerinde Merkezi Aziýada metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça “tegelek stol” maslahaty guralar. Bu barada penşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Ligutiniň arasynda geçirilen duşuşykda mälim edildi.
Duşuşygyň dowamynda ýaşyl energiýa, durnukly energiýa we metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we öňüsyrasynda Aşgabatda geçirilen “Göni gepleşik”: Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen tebigy gazyň arasyndaky sinergiýa” atly duşuşygynyň netijeleri barada bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Ministriň orunbasary Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda türkmen tarapynyň Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky COP-28 Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatyna gatnaşandygyny we Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak bilen ählumumy meseleleri çözmäge ygrarlydygyna ünsi çekdi.
Gepleşigiň dowamynda BMG ÝYK-yň gün we ýel energiýasy babatda bilermenlik goldawy, şeýle hem energiýany saklamak we geçirmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak babatda özara hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.
18 – 20-nji martda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek Ählumumy metan forumyna metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dünýäniň bilermenleri we senagat kärhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Bu maslahat BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Metan boýunça ählumumy başlangyjy we Metan boýunça ählumumy merkez hem-de “Daşky gurşaw we arassa howa” koalisiýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar.
ORIENT news
