Наш ориентир то, что сближает людей

Новости
Статьи
Медиа
Анонс
Технологии
О нас
Контакты

Türkmenistan Şanhaýdaky Hytaýyň import sergisine gatnaşýar

27.01.2021|02:38|
12760
murad-sadykov-i-via-gunesh-iz-istorii-turkmenskogo-etno-dzhaza

Türkmenistan 5-10-njy noýabr aralygynda Şanhaýda geçirilýän 6-njy Hytaýyň halkara import sergisine öz milli pawiliony bilen gatnaşýar. Uly göwrümli çärede dünýäniň 154 ýurdundan we sebitlerinden 3400 töweregi sergä gatnaşyjylar bar.

Sergi oba hojalygy, azyk senagaty, awtoulag senagaty, himiýa senagaty, internet tehnologiýalary, kompýuter önümçiligi we üpjünçilik, dokma senagaty, lukmançylyk enjamlary, derman önümleri we ş.m. ýaly ugurlary öz içine alýar.

Türkmenistandan bu sergä Dokma senagaty ministrligi, Söwda-senagat edarasy we dünýäniň import-eksport işine ýokary hilli önümlerini hödürleýän hususy kärhanalar tarapyndan wekilçilik edilýär. Bu barada TSSE habar berýär.

Şeýle möhüm çärä gatnaşmak, dürli ýurtlar bilen söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, potensial hyzmatdaşlar bilen işewür gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär.

ORIENT news