9-10-njy noýabrda Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2023” atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler. Oňa görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýlar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew penşenbe güni geçirilen Hökamet Mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
Bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine aljak forumlara ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň, işewürleriň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Halkara ylmy maslahata Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (ITU), Domen atlary dolandyrmak boýunça korporasiýasynyň (IСANN), Aragatnaşyk boýunça sebitleýin birleşmesiniň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň hem-de önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan “Nokia”, “Huawei”, “Eastwind”, “NEС” ýaly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.
Forumyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen guralan, dürli ugurlar boýunça 317 sany taslama bilen ýaşlaryň gatnaşan “Sanly çözgüt — 2023” atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşigini jemlemek meýilleşdirilýär.
ORIENT news
