
24-28-nji awgust aralygynda Daşkentde (Özbegistan) geçirilen EAST CUP & OLYMPIC STARS döredijilik gimnastikasy boýunça halkara ýaryşda türkmen türgenleri 12 altyn, 7 kümüş we 1 bürünç —20 medal gazandylar. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport barada döwlet komitetinde habar berdiler.
Türkmen gimnastika mekdebiniň wekilleri, maşklaryň ähli görnüşlerinde dürli gymmatlykly medallaryň eýeleri boldular.
Iň ýokary derejä Iliana Tokarýewa, Sofiýa Bens, Hatyja Akmyradowa (üçüsi – derssiz maşklarda), Mahym Gurbanowa (pökgili maşkda), fatima Kambarowa, Aýlin Günaslan (iki hem – bulawaly maşklarda), Sara Kulberdiýewa, Mähri Pomanowa ( üçüsi – lentaly maşklarda), Firdews Günaslan, Mähri Orazowa, Weronika Kurdupowa, Mähri Berdiýewa (hemmesi – obruçly maşklarda) çykdylar.
Kümüş medaly Ameliýa Bens, Narmina Abbasowa (ikisi hem derssiz maşklarda), Leýli Batyrowa (pökgüli maşkda), Aýsen Abdullaýewa (lentaly maşkda), Karolina Kim, Gülşat Berkeliýewa, Leýli Işangulyýewa (üçüsi – obruçly maşkda) gazandylar.
Türkmen gaznasyna ýekeje bürünç medaly Enar hanowa obruçly maşkda getirdi.
Türkmenistanyň toparynda 2008-2016-njy ýyl aralygynda doglan dürli ýaşly 20 gyz çykyş edip, Aşgabat şäherine, Mary we Balkan welaýatlaryna wekilçilik etdiler.
Şeýle hem ýaryşa gatnaşyjylar üçin hünär derjesini ýokarlandyrmak maksady bilen Russiýanyň meşhur gimnastçylary tarapyndan ussatlyk dersleri geçirildi.
EAST CUP & OLYMPIC STARS, Türkmenistandan, Izrailden, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, BAE-den, Russiýadan, Singapurdan, Ukrainadan we Özbegistandan üçýüzden gowrak gimnastçyny bir ýere ýygnady.
ORIENT news