||
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylabow katarly kärdeşi Smaýh al-Marri bilen gepleşikleri geçirdi, onuň barşynda iki ýurduň arasynda zähmet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary maslahatlaşyldy – diýip, Gulf Times habar berýär.
Iki ministriň duşuşygy şekilli aragatnaşyk arkaly geçdi we ol eýýäm 20 ýyldan bäri bellenip gelinýän işçileriň hukugyny goramagyň Bütindünýä gününe bagyşlandy.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi pudaklaýyn edaralar bilen birlikde seminarlaryň, şeýle hem iş ýerlerinde şikes almagyň öňüni almak boýunça çäreleri we zähmetkeşleriň kesellemegini kemeltmek boýunça çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belläp geçmelidiris.
ORIENT habarlar
