Hytaýyň DIM-niň baştutany Sin Gan 12-13-nji aprelde Samarkantda geçiriljek Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 4-nji duşuşygyna gatnaşjakdygyny tassyklady – diýip, Hytaýyň SCMP maglumatlar agentligi habar berýär.
Habarda penşenbe güni HHR-nyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň özüniň Türkmenistandan, Özbegistandan, Eýrandan, Pakistandan, Russiýadan we Täjigistandan bolan kärdeşleri bilen Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşjakdygy bellenilýär.
Goňşy ýurtlar Owganystanda emele gelen ynsanperwer meselelerini, içerki syýasat ýagdaýynyň çözülmegini we durmuş-ykdysady ýagdaýyň durnuklaşmagyny ara alyp maslahatlaşarlar. Şuňa meňzeş ilkinji duşuşyk 2021-nji ýylyň oktýabrynda geçipdi.
ORIENT news
