Almaty 2023-2024-nji ýyllar üçin ŞHG-nyň medeni we syýahatçylyk paýtagty bolar. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeniýet ministrleri Gazagystanyň Medeniýet we sport ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Ashat Oralowyň ŞHG-nyň medeniýet ministrleriniň onlaýn ýygnagynda şähere täze dereje bermek barada öňe süren teklibini goldadylar – diýip, “Kazinform” Halkara habarlar agentligi habar berýär.
Duşuşyga Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Päkistanyň, Hindistanyň we Hytaýyň wekilleri, ŞHG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Janeş Keýn gatnaşdylar. Keýn hem Aşhat Oralowyň teklibini goldady.
Gazagystanyň häkimiýetleri geljek iki ýylyň dowamynda Almatyda geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamasyny taýýarladylar. Ashat Oralow şäheriň halkara syýahatçylyk we medeni festiwallarynyň, aýdym-saz marafonlarynyň we beýleki çäreleriň meýdançasyna öwrüljekdigini mälim etdi.
2023-nji ýylyň iýulyndan 2024-nji ýylyň iýulyna çenli Gazagystanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýändigini ýatlatmak isleýäris.
ORIENT news
