Türki döwletleriň guramasynyň agza-ýurtlary (OTG) raýat goranyşynyň umumy mehanizmini dörederler - diýip, Anadolu agentligi habar berýär. Degişli ugurdaky düzümleriň arasyndaky ylalaşygyň taslamasy guramanyň Türküstanda geçiriljek X sammite çenli taýýar ediler.
OTG tebigy betbagtçylyklara we adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmekde milli edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar. Özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň maksady – mümkin bolan betbagtçylyklar bolan halatynda islegleri kanagatlandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmakdyr.
Taraplar şeýle hem milli lukmançylyk halas ediş bölümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. OTG-nyň synçy-ýurtlary bilen bilelikde olar mümkinçilikleri artdyrmak boýunça çärelere gatnaşarlar.
Türki döwletleriň guramasynyň agza-ýurtlary iki weýrançylykly ýer titremesinden soň ýurdy dikeltmek meselesinde Türkiýe bilen raýdaşdygyny bildirdiler.
ORIENT habarlar
