Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň missiýasynyň agzalary 26-njy martda Türkmenistanda boljak parlament saýlawlarynyň ähli tapgyrlaryna päsgelçiliksiz monitoringi amala aşyryp bilerler.
Aşgabadyň başlangyjy bilen çagyrylan halkara düzümiň wekilleri Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň çäreleriniň meýilnamasy bilen tanyşdylar, şeýle hem saýlaw uçastoklaryna erkin baryp görmek üçin kepillik aldylar – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.
MST-nyň wekilleri bilen duşuşygyň barşynda missiýanyň agzalaryna degişli şahadatnamalar berildi. Taraplar «açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň öndürijilikli häsiýetini bellediler, şeýle hem öňde duran saýlawlarda alternatiwalygyň ýokarydygyny bellediler.
DIAHB/ÝHHG milli kanunçylykda we ýurduň saýlaw ulgamynda özgertmelere goldaw bermäge, şeýle hem saýlaw kompaniýalaryny gurnamak babatynda tejribe alyşmaga taýýardygyny bildirdi.
ORIENT habarlar
