Şu gün, paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň galam hakynyň serişdelerine Türkiýe Respublikasynda köpsanly adam pidalaryna getiren ýertitreme sebäpli şehit bolanlaryň hatyrasyna sadaka berildi.
Metjide gelende Gahryman Arkadagymyz şu waka mynasybetli ýörite Aşgabada gelen Türkiýe Respublikasynyň din wekilleriniň toparyny mähirli mübärekledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-türk gatnaşyklaryny, ilkinji nobatda bolsa, taryhy ýüzýyllyklara uzap gidýän ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, hut ruhy-ahlak däplerimiziň we dinimiziň umumylygy iki doganlyk halkyň kyn pursatlarda birek-birege goldaw bermegini kesgitleýär.
Türkiýeli myhmanlar şehit bolanlaryň hatyrasyna bildirilýän hormat üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de pursatdan peýdalanyp, şu günki sadakanyň guralandygy we çakylyk üçin hoşallyklaryny bildirdiler.
Din wekilleri mukaddes Gurhanyň aýat-sürelerini okadylar hem-de şehit bolanlaryň jaýlarynyň jennet bolmagy barada dileg etdiler.
-Ýol çekmek, köpri gurmak, bina galdyrmak halkymyzda hemişe asylly, sogaply işler hasaplanypdyr. Biz hem şol gadymy ýolumyzy häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirýäris. Gurluşygyna başlanan binalar adamlara şypa bermekde, olaryň derdine em etmekde, saglygyny goramakda örän möhüm ähmiýete eýe bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Hajy Arkadagymyz dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda, ähli tagallalaryň ediljekdigine, dürli ugurlarda birek - birege goldaw bermegiň dowam etdiriljekdigine ynandyrdy. Türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklary has-da berkidiler.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri şol agyr günlerde Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasyna baryp, doganlyk ýurduň wekilleri bilen gynanjyny paýlaşdy we duýgudaşlyk bildirdi. Şonda pida bolanlary, öten-geçenleri hatyralap, sadaka beriljekdigi habar berildi.
Ine, bu gün bolsa, Oraza aýynyň öň ýanyndaky günlerde doganlyk Türkiýede bolup geçen hasratly ýertitremede şehit bolanlary hatyralap, Hezreti Omar metjidinde sadaka berilýär, aýat-töwir edilýär.
Goý, şeýle sogaply günlerde berýän sadakamyz, edýän aýat-töwirlerimiz öten-geçenleriň ruhuna barsyn! Türkiýede bolup geçen ýertitremede şehit bolanlaryň, öten-geçenleriň jaýy jennet bolsun! Allatagala olara iman baýlygyny bersin! – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň müftüsine aýat-töwir edip bermek barada ýüzlendi.
Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykandan soňra, sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi.
Tagam dadylandan soňra, aýat-töwir edildi.
Sadaka tamamlanandan soňra, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
