Наш ориентир то, что сближает людей

Новости
Статьи
Медиа
Анонс
Технологии
О нас
Контакты

Türkmen meýletinçileri Merkezi Aziýadan bolan pikirdeşleri bilen tejribe alyşdylar

27.05.2020|22:40|
8159
unikalnoe-tvorenie-prirody-skazochnaya-peshhera-kov-ata

Türkmenistanly meýletinçileriň 30-sy meýletinçileriň onlaýn-forumyna gatnaşdylar – diýip, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.

Gatnaşyjylar meýletinçileriň jemgyýetdäki eýeleýän ornuny, olaryň işjeňliginiň aýratynlyklaryny, şeýle hem meýletinçiniň eýe bolmaly häsiýetlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Öz gezeginde, Özbegistandan we Gazagystandan gelen aktiwistler öz ýurtlaryndaky meýletinçilik hereketiniň ösüşi bilen tanyşdyrdylar. Şunuň bilen baglylykda, sebitiň döwletleriniň meýletinçiler guramalarynyň arasynda meýletinçilik babatynda täze bilimleri almak we başarnyklary edinmek üçin özara gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurlygy bellenip geçildi.

Forum raýat-watan söýüjilik terbiýesiniň netijeli guraly hökmünde meýletinçilik hereketiniň ösmegine, jemgyýetde meýletinçilik tejribesiniň usulyýetlerini öňe sürmäge we meýletinçilik tejribesini wagyz-nesihat etmäge gönükdirilen «Meýletinleriň akademiýasy» taslamasynyň başlangyç çäresi boldy. Ol jemgyýetdäki durmuş meselelerini çözmekde oňyn netijeleri gazanmak maksady bilen, muny pikirdeşleri bilen ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdançany üpjün etdi.

«Meýletinleriň akademiýasy» «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan «Jemgyýetiň durmuşyna gatnaşmak arkaly ýaşlaryň mümkinçiligini pugtalandyrmak» atly taslamanyň çäklerinde ýerine ýetirilýär. Ol Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Ýewraziýa Gaznasy bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýada sosial innowasiýalar maksatnamasynyň (SICA) çäklerinde ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça Agentliginiň maliýe taýdan goldamagy bilen durmuşa geçirilýär.

Taslamanyň ahyryna çenli 100-den gowrak ýaş adamlaryň meýletinçilik işjeňligi bilen tanyşmagyna, 50-den gowrak ýaş adamlaryň meýletinçileriň hataryna goşulmaklaryna we jemgyýetçilik durmuşynda işjeň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

ORIENT habarlar