Maýyp çagalary terbiýeleýän ene-atalar we olaryň howandarlary, çaga 18 ýaşyna ýetýänçä, Türkmenistanda girdeji salgydyny tölemekden boşadylar. Türkmenistanyň Salgyt kodeksine şeýle üýtgetme girizilip, ol resmi taýdan çap edilenden bir aý soň – 2022-nji ýylyň 29-njy awgustynda güýje girer.
Bu maşgalalara maddy taýdan ep-esli goldaw bolar we sözüň hakyky manysynda olaryň aýlyklarynyň üstüne goşmaça 10 göterim tölenjekdigini görkezýär.
Maýyp çagalaryň ene-atalary telekeçi ýa-da hünär hyzmatlaryny ýerine ýetirýän bolsa, salgyt binýadynyň bir böleginden esasy mukdarynyň 600 esse möçberinde girdeji salgydyny tölemekden boşadylar.
Şeýlelik bilen, maýyp çaganyň ene-atasy bolan telekeçiler üçin umumy girdejiden aýda 30 müň manada salgyt salynmaz.
Şeýle hem, Kodekse girizilen üýtgetmede şol sanda maýyp çagany ogullyga alan ene-atalaryň girdejilerine salgyt salynmajakdygy bellenilýär.
ORIENT news
