Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetdgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory Andranik Aleksanýan bilen duşuşdy – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Aleksanýan Türkmenistanyň ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwata eýedigini we ony doly güýjünde ýerine ýetirmek üçin mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Ol bar bolan ätiýaçlyklary ermeni ýük awtoulaglary üçin ulanmaga çagyrdy we Türkmenistandan ýük daşaýjylaryny, göni hyzmatdaşlyk üçin işewür-hyzmatdaşlary gözlemekde türkmen tarapynyň ýardam etmegini sorady.
Türkmenistanyň ulag we logistika babatyndaky halkara başlangyçlaryny myhmana habar bermek bilen, Aýazow Aşgabatda geçen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş —2023» halkara maslahaty we sergisi barada gürrüň berdi, ol ulag we logistika babatyndaky bilermenlere häzirki zaman hakykatyny we meýillerini göz öňünde tutup, mundan beýläkki özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma bolup hyzmat etdi.
Söhbetdeşler ulag-üstaşyr babatynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky özara gatnaşygyklaryň ösmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
ORIENT habarlar
