«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň Älem TV hemra telewidenýesiniň operatorynyň habaryna laýyklykda 1-nji awgustdan başlap ýaýlymlaryň bukjasyna täze nyrhnamalar girizildi.
Indi «40+» bukja (40 teleýaýlymdan gowrak) aýyna 10 manat, «240+» bukja bolsa (240 ýaýlymdan gowrak) – 25 manatdyr.
Älem TV hyzmatyny birikdirmek ýa-da ozal saýlanyp alnan nyrhnamany üýtgetmek isleýänler «Türkmentelekom» EAK-nyň müşderilere hyzmat ediş noktlaryna ýüz tutup bilerler.
Mundan başga-da, 1-nji awgustdan başlap Türkmenistanyň ähli poçta bölümlerinde Älem TV operatorynyň hemra telewidenýesine elýeterlik kartlary satylyp başlandy.
«Türkmentelekomyň» abonentleri şu telefon belgilerinden has jikme-jik maglumaty alyp bilerler: (+993 65) 01 99 98, (+993 65) 31 78 87, (+993 61) 85 94 99.
Älem TV – bu Türkmenistanyň islendik nokadyndan hilli telewidenýe seretmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Ýöne bu - entäk hemmesi däl! Patforma şeýle hem Ýewropanyň, Aziýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Hindistanyň 125 teleýaýlymyny elýeterli edýär.
ORIENT habarlar
