7-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň dabaraly tanyşdyrylyşy boldy.
Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabara Türkmenistanyň DIM-iň ýolbaşçylaryny we işgärlerini, ýurtdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem bu ýokary okuw jaýynyň professor-mugallymlar düzümini we talyplaryny bir ýere jemledi.

Çykyş edenler, şol sanda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze dagylar bu neşiriň ähmiýetini nygtadylar.

Kitap ýurduň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň hemmetaraplaýyn we çuňňur seljermesini özünde jemleýär. Onda Bitaraplyk derejesiniň esasy maksadynyň Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini parahat durmuşy we döredijilikli ösüşi üpjün etmäge gönükdirmekden ybaratdygy aýratyn bellenilýär, bu bolsa döwletiň halkara borçnamalaryna doly laýyk gelýär.

Eserde türkmen Bitaraplygynyň gadymy köklerine aýratyn üns berilýär. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler ýurduň häzirki zaman diplomatiýasynyň täze döwrüň şertlerine uýgunlaşdyrylan, türkmen halkynyň taryhy mirasynyň gönüden-göni dowamy hökmünde garalýandygyny bellediler.
Gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, bu neşir Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýubileýiniň we Halkara Bitaraplyk gününiň giňden baýram ediljek günleriniň öňsyrasynda türkmen halkyna gymmatly sowgat boldy.
ORIENT
