Aşgabatda Demo Day 2025 — Startup Academy-niň Türkmenistanyň Halkara ylmy-tehnologiýa bilen bilelikde guran inkubasiýa maksatnamasynyň jemleýji tapgyry üstünlikli tamamlandy. 29-njy noýabrda geçirilen çäre startap esaslandyryjylaryny, bilermenleri we işewürligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýerli toparlaryň tehnologik açyşlara taýýarlygyny görkezdi.
Demo Day çäginde toparlar birnäçe aý dowam eden zähmetleriniň netijelerini hem-de taslamalary has-da ösdürmäge taýýarlyklaryny hödürlediler. Çäräniň möhüm pursady ýeňijileriň yglan edilmegi boldy — olar taslamalaryň ýokary innowasion derejesini we ulgamlaýyn işlenilişini görkezdi.

• Birinji ýer: Asman Hudaýkuliew — ýolbaşçylara we telekeçilere kömek bermek üçin niýetlenen akylly AI-kömekçisi - «PECMA» taslamasy bilen.
• Ikinji ýer: Dina Ýewdokimowa — türkmen medeniýetini öňe sürmäge gönükdirilen “Silk Road” özbaşdak önümleriň döredilmegini üpjün edýän toplum taslamasy bilen.
• Üçünji ýer: Askar Gurbanow — milli toý däplerini aýawly saklamak we amaly taýdan peýdalanmak üçin emeli aň integrirleýji “Arzuw AI Studio” hyzmaty bilen.
Çäre platina hemaýatkäri “Ynamdar.com”, altyn hemaýatkäri “Arçalyk” hem-de birnäçe kümüş derejeli hemaýatkärleriň gatnaşmaklarynyň netijesinde üstünlikli geçirildi. Demo Day 2025 Türkmenistanda innowasiýalara we startap-ekoulgamlara bolan gyzyklanmanyň barha ösýändigini tassyklady.
ORIENT
Goşmaça okaň:
Aşgabatda «Startup Academy» maksatnamasynyň jemleýji çäresi bolan «Demo Day» geçirildi
