Iň täze habarlar

Täze nebit ýangyjy guýulýan gämi duralgasy türkmen nebit önümleriniň eksportyny ýokarlandyrar

19.07.2025 | 00:55 |
 Täze nebit ýangyjy guýulýan gämi duralgasy türkmen nebit önümleriniň eksportyny ýokarlandyrar

Aşgabat, 19-njy iýul | ORIENT. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň dabaraly açylyşy boldy. Täze desga ýurduň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Açylyş dabarasy 18-nji iýul, anna güni geçirildi. Şol gün, wise-premýer Batyr Amanow Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa nebit-gaz pudagyndaky alnyp barylýan işleriň netijeleri, şol sanda täze gämi duralgasynyň gurluşygynyň tamamlanmagy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, kuwwatlylygy ýylda 2 million 60 müň tonna nebit we nebit önümlerini ýüklemäge hem-de 1 million 150 müň tonna nebit we nebit önümlerini düşürmäge mümkinçiligi bolan desga türkmen uglewodorod serişdeleriniň eksportyny artdyrar we ýurduň halkara bazaryndaky ornuny pugtalandyrar.

Açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinden göni aragatnaşyk arkaly “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentine bu desgany işe girizmäge ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Soňra dabaranyň geçirilýän ýerinde il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý bagy kesildiler we nebit önümlerini daşaýan gämilere nebit önümlerini guýulyp başlandy.

... Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda ýerleşýän Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy, nebit önümleriniň logistikasynda möhüm orny eýeleýär. Ol içerki bazar we eksport üçin benzini, dizel ýangyjy, kerosini, mazudy we beýleki önümleri saklamak, sorujylar bilen guýmak we ugratmak bilen üpjün edýär.

Kärhana, nebit önümleriniň hasaba alynmagyny we iberilmegini ýönekeýleşdirýän häzirki zaman SCADA awtomatlaşdyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň turbageçiriji ulgamy bilen birikdirilen we 2018-nji ýylda işe girizilen bir wagtyň özünde 28 sisterna guýmaga mümkinçiligi bolan demir ýol geçelgesi bar. Täze – nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasy, Kenar kärhanasynyň mümkinçiliklerini ep-esli giňeldip, onuň Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin ähmiýetini güýçlendirer.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: