Android üçin Chrome brauzerinde salgy setiri ekranyň aşagynda ýerleşer
18.07.2025 | 14:30 |Google-yň işläp taýýarlaýjylary Android enjamlar üçin Chrome brauzerine täze funksiýany ornaşdyrmaga başladylar: indi ulanyjylar salgy setirini ekranyň aşagynda ýerleşdirip bilerler. Bu onuň ýerleşişinde möhüm üýtgeşiklik bolup, tiz wagtda ähli smartfon we planşet eýelerine elýeterli bolar.
Täze funksiýa peýda bolanda, ulanyjylara salgy setirini uzak basyp aşak geçirmegi teklip edýän bildiriş görkezilýär. Soňra peýda bolýan menýuda ulanyjy interfeýsiň bu böleginiň täze ýerleşişini saýlap biler, şeýle hem bar bolan salgy nusgasyny alyp biler. Şeýle hem brauzeriň sazlamalarynda «Salgy setiri» atly täze bölüm peýda bolar. Setiriň aşaga geçirilmeginden soň, ol adaty elementler bilen – açyk sahypalar we üç nokatly menýu bilen bilelikde – aşaky bölekde ýerleşer we interfeýs bilen öňki ýaly aragatnaşyk saklar. Bu funksiýa Chrome-yň 138-nji wersiýasynda elýeterli boldy.
Köp ýyllap üýtgedilmän galan dizaýndan soň, bu täzeleniş Android-da Chrome ulanyjylaryna garaşylan interfeýsi sazlamak mümkinçiligini berýär we ony häzirki zaman ykjam enjam talaplaryna laýyklykda uýgunlaşdyrýar.
ORIENT