Iň täze habarlar

OpenAI bulut infrastrukturasyny giňeldýär: Google Cloud ChatGPT üpjün edijilerine goşulýar

18.07.2025 | 16:00 |
 OpenAI bulut infrastrukturasyny giňeldýär: Google Cloud ChatGPT üpjün edijilerine goşulýar

OpenAI öz bulut infrastrukturasyny strategik taýdan giňeldýändigini yglan edip, Google Cloud Platform-y öz esasy önümi bolan ChatGPT üçin hasaplaýyş mümkinçilikleriniň üpjün edijileriniň hataryna goşdy. Bu çözgüt serişdeleri diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça köpugurly strategiýa geçilýändigini alamatlandyrýar. Indi OpenAI dört esasy üpjün ediji bilen hyzmatdaşlyk edýär: Microsoft, Google Cloud Platform, CoreWeave we Oracle.

ChatGPT we onuň API-sini goldamak üçin Google Cloud-nyň ornaşdyrylmagy bäş strategik sebitde amala aşyrylar: ABŞ, Ýaponiýa, Niderlandlar, Norwegiýa we Beýik Britaniýa.

Bu üýtgeşme OpenAI bilen Microsoft-yň arasyndaky gatnaşyklaryndaky özgerişi hem görkezýär. Microsoft geçen ýyl uly maýa goýumlaryna garamazdan, OpenAI-ni resmi taýdan bäsdeş hökmünde yglan etdi. Munuň netijesinde ozalky ýakyn hyzmatdaşlygyň ýerine has köp taraplaýyn gatnaşyklara geçildi.

Google Cloud üçin bu hyzmatdaşlyk strategik taýdan möhüm üstünlik bolup durýar. Adatça Amazon we Microsoft ýaly kompaniýalardan yzda galýan Google-nyň bulut bölümi emeli aň tehnologiýalaryndaky esasy oýunçylary özüne çekip bilýändigini görkezýär.

ORIENT

Foto: habr.com

Şeýle hem okaň: