Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça täze maksatnama tassyklanyldy
19.07.2025 | 02:48 |Aşgabat, 18-nji iýul | ORIENT. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2025 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklaýan Karara gol çekdi. Bu ädim ýurdumyzyň raýatlarynyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga hem-de abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Täze Maksatnamanyň esasy maksady ilatymyzyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmakdan, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan, abadançylyk derejesini ýokarlandyrmakdan hem-de adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan ybaratdyr. Resminama bu ugurda netijeli we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Bu bolsa Maksatnamanyň umumymilli häsiýetini we hemme zady öz içine alýan gerimini açyp görkezýär.
Täze Maksatnama Türkmenistanyň sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek hem-de her bir raýatyň abadançylygy üçin şertleri döretmek boýunça uzak möhletli strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar.