Iýun aýy Türkmenistanda medeni çäreleriň we festiwallaryň baý maksatnamasyny wada berýär
24.05.2025 | 06:00 |Iýun aýynda birnäçe halkara senelere we ýurtda bellenilýän baýramçylyklara bagyşlanyp medeni we sport çäreleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Hökümet mejlisinde habar berildi.
Aýyn başyna Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni (3-nji iýunda paýtagtda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi meýilleşdirilýär), Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli dürli çäreleri we sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär.
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. 2-7-nji iýuny aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwaly esasy wakalardan biri bolar. Çära dürli ýurtlardan toparlaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu bolsa festiwaly medeni alyş-çalyş meýdançasyna öwürer.
Şeýle hem 6-njy iýunda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy mynasybetli çäreler meýilleşdirilýär. 22 — 27-nji iýun aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi mynasybetli medeni çäreler geçiriler.
27-nji iýunda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, beýik şahyryň “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyndaky ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçiriler.
29-njy iýunda bolsa Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
ORIENT