Iň täze habarlar

Türkmenistan maýning tehnologiýasyny kanunlaşdyrmaga we wirtual aktiwleri düzgünleşdirmäge taýýarlanýar

24.05.2025 | 03:43 |
 Türkmenistan maýning tehnologiýasyny kanunlaşdyrmaga we wirtual aktiwleri düzgünleşdirmäge taýýarlanýar

23-nji maýda, anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny kanunlaşdyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, kanun taslamasy çalt ösýän sebitde ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin niýetlenendir. Resminama umumy düzgünler, wirtual aktiwler işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi, wirtual aktiwleriň dolanyşygy çygrynda işleriň guralmagy, maýning, wirtual aktiwleriň emissiýasy we jemgyýetçilige hödürlenilmegi, wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiler hem-de jemleýji düzgünler beýan edilýär.

Bu Kanunyň kabul edilmegi maýa goýumlaryň çekilmegine, maliýe tehnologiýalary başlangyçlarynyň ösdürilmegine, sanly hyzmatlar ulgamynda telekeçilik işjeňliginiň höweslendirilmegine ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly tehnologiýalaryň hem-de sanly ykdysadyýetiň çalt ösýän döwründe wirtual aktiwleriň dolanyşygyny hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň möhüm bolup durýandygyny belledi we wise-premýere “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça Mejlis bilen degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

ORIENT

Foto: Getty Images

Şeýle hem okaň: