Iň täze habarlar

Türki döwletler ilkinji bilelikdäki hemrany goýbermäge taýýarlanýar

26.04.2025 | 10:31 |
 Türki döwletler ilkinji bilelikdäki hemrany goýbermäge taýýarlanýar

Türki döwletler ilkinji bilelikdäki hemrany goýbermäge taýýarlanýar. Degişli ylalaşyk Türki döwletleriň guramasyna agza-ýurtlarynyň Kosmos agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň dördünji duşuşygynyň dowamynda gazanyldy.

Oňa Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň, şeýle hem synçy-döwletler bolan Wengriýanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdy. “Özbekkosmos” agentliginiň habar bermegine görä, bu duşuşyk Özbegistanyň başlangyjy bilen guralan “Space Technology Conference–2025” atly halkara maslahatynyň esasy çäresi boldy.

CubeSat formatly enjamyň hereketlendiriji böleginiň işläp taýýarlanylşy özbek inženerler tarapyndan amala aşyrylar.

Mundan başga-da, kosmos tehnologiýalaryna gyzyklanmany ýokarlandyrmak maksady bilen, TDG-na agza we synçy-ýurtlaryň ýaşlary üçin CanSat atly bäsleşigini geçirmek teklip edildi.

Azerbaýjan tarapy agza we synçy-ýurtlar üçin wirtual kosmos akademiýasy we geomaglumat ulgamy boýunça okuw maksatnamalaryny guramaga taýýardygyny bildirdi. Bu başlangyçlar ýaşlary älem işine çekmäge hem-de bu ugurda innowasiýalary goldamaga gönükdirilendir.

Kosmos agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň indiki bäşinji duşuşygyny Özbegistanda geçirmek barada ylalaşyga ýetilmegi möhüm ädim boldy.

ORIENT news

Foto: uza.uz

Şeýle hem okaň: