Hazar deňziniň howa meselesi Ýewropanyň Aziýa barlag institutynda ara alnyp maslahatlaşyldy
08.10.2024 | 13:35 |Brýusselde, Ýewropanyň Aziýa barlag institutynda (European Institute of Asian Studies) Hazaryň deňzinde ýüze çykýan häzirki howa meselelerine bagyşlanan çäre geçirildi. Ara alyp maslahatlaşma diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň we analitik merkezleriniň wekilleri gatnaşdy.
Çykyş edenleriň arasynda Türkmenistanyň Ilçisi Sapar Pälwanow, Azerbaýjanyň Ilçisi Wagif Sadygow, Ýewropanyň Aziýa barlag institutynyň Baş direktory Aksel Getals, BMGÖM-nyň Brýusseldäki wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kamilla Brýukner we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa döwletleri boýunça müdirliginiň başlygy Sara Rinaldi bar.
Çäräniň esasy mowzugy ekologiýa we howanyň meseleleri bolup, olaryň arasynda suwuň derejesiniň peselmegi we howanyň üýtgemeginiň Hazar deňzine edýän täsiri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşanlar bu ýagdaýyň ýaramaz netijelerini azaltmak üçin täsirli we ylmy esasda çözgütleri işläp düzmek üçin ýurtlar bilen halkara guramalaryň arasyndaky utgaşykly işleri güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler.
Türkmenistanyň Ilçisi öz ýurdunyň Hazar deňziniň ekologik meselelerini öwrenmäge we çözmäge gönükdirilen halkara tagallalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy. Ol häzirki wagtda Hazarýaka döwletleri tarapyndan seredilýän Hazar deňziniň howa we ekologiýa taraplaryny öwrenmek üçin ýörite iş toparyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi.
Mundan başga-da, sebit meselelerini çözmekde möhüm tejribesi bolan Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň gatnaşmagynyň mümkinçiligine garamagy teklip edildi. Gatnaşanlar bu çäräniň Hazar deňzi bilen baglanyşykly howa meselelerini çözmäge goşant goşup biljekdigini bellediler diýip, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynda habar berildi.
Şeýle hem Ilçi Pälwanow, Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek boýunça Türkmenistanyň teklibini ýada saldy. Bu merkez howanyň üýtgemegini we onuň Hazar deňziniň ekoulgamyna edýän täsirini ylmy taýdan seljermek, sebitiň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak boýunça bilelikdäki çäreleri işläp düzmek üçin möhüm meýdança bolup biler.
Aziýany öwrenmek boýunça Ýewropa institutynda geçirilen bu çäre Hazaryň sebitindäki ekologik meselelerini çözmek üçin pikirleri we teklipleri alyşmak üçin meýdança boldy. Gatnaşanlar sebitdäki howanyň we ekologiýanyň üýtgemegini has giňişleýin öwrenmegiň we bu täsin Hazar deňzini goramak üçin bilelikdäki strategiýalaryň işlenip düzülmeginiň zerurdygyny bellediler diýip, Türkmenistanyň diplomatik missiýasy çykyşyny jemledi.
Ýewropanyň Aziýa barlagl instituty (EIAS) – Ýewropa Bileleşiginiň paýtagty Brýusselde ýerleşýän we ÝB bilen Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklar bilen iş salyşýan öňdebaryjy analitik merkezidir. Syýasy barlag merkezi hökmünde bilim alyş-çalyş üçin meýdança we akademiki toparlaryň hem-de analitik merkezleriniň wekilleri, raýat jemgyýeti we korporatiw pudagyň arasynda dialog üçin forum hökmünde çykyş etmegi maksat edinýär.
EIAS-yň ylmy-barlag we taslama işleri söwda, maliýe, ykdysadyýet, senagat we tehnologiki innowasiýa, işewürligiň durmuş jogapkärçiligi, migrasiýa, durnukly ösüş, geosyýasat, baglanyşyk we bilim arkaly adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary kämilleşdirmek, bilim, medeni meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar we beýleki alyş-çalyşlara aýratyn üns berýär.
ORIENT news