Iň täze habarlar

Gyrgyzystan Hazarüsti geçelgesi we Türkmenistanyň çäginden ýükleri üstaşyr geçirmegiň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar

06.10.2024 | 23:40 |
 Gyrgyzystan Hazarüsti geçelgesi we Türkmenistanyň çäginden ýükleri üstaşyr geçirmegiň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar

Gyrgyz Respublikasynyň Ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Bekžan Rysmendeýew öz ýurdunyň Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini we infrastrukturany hem-de multimodal logistikany kämilleşdirmek başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi. Bu barada ministr 3-nji oktýabrda Aşgabatda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça geçirilen ýokary derejeli çärede aýtdy.

Mundan başga-da, Bekžan Rysmendeýew Türkmenistana iş sapary wagtynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen duşuşdy we hyzmatdaşlyk esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Taraplar iki ýurduň ýük dolanyşygynyň ep-esli ýokarlanandygyny nygtadylar we işewürler üçin amatly şertler döretmek meseleleri bilelikde çözmek barada ylalaşdylar diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Ulag ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: