Iň täze habarlar

“OGT-2024” ählumumy ünsi özüne çekýär

07.10.2024 | 19:02 |
 “OGT-2024” ählumumy ünsi özüne çekýär

Aşgabatda 23-25-nji oktýabr aralygynda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” (OGT-2024) 29-njy Halkara maslahatynyň we sergsiniň taýýarlyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar. “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy hem-de “Türkmengeologiýa” Döwlet konserni tarapayndan guraljak çäre halkara bileleşiginiň ünsüni özüne çekdi.

Şu günki güne 34 ýurtdan 300-den gowrak wekiller gatnaşmaklaryny tassykladylar, bu bolsa OGT bolan ýokary gyzyklanmanyň şaýady bolup durýar. Al Khaleej, Dubai News, Natural Gas World, МИР 24, SNGtoday, TrendAz, Interfax we ТАСС ýaly meşhur köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu geçiriljek çäräni işjeň şöhlelendirýär.

06102024-ogt-2024-privlekaet-globalnoe-vnimanie (2).JPG

“OGT-2024” Maslahatynyň baý mazmunly işewür maksatnamasy energetika geçişi, täze eksport ugurlar we uglewodorodlary gazyp almagyň ekologiýa jähtleri ýaly döwrebap meseleleri öz içine alýan tematiki bölümçelerden ybaratdyr. Tassyklanan spikerleriň arasynda – “BP” kompaniýasynyň gözleg we gazyp almak boýunça ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ariel Flores; “S&P Global Platts Commodity Insights” kompaniýasynyň barlag we derňew boýunça wise-prezidenti Mettýu J.Seýjers; “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň şahadatlandyrma boýunça direktory Rikard Wannbi; BMG ÖM-niň sebitleýin geňeşçisi Ýewgen Groza; ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň energetika geçişi meseleleri boýunça uly geňeşçisi Kenýon S.Uiwer.

Maslahat bilen bilelikde geçirilýän “OGT Expo” sergisi 70-den gowrak kompaniýalary ýygnap, olaryň arasynda ADNOC, CNPC, SLB, Eni, Sumitomo, Petronas, S&P Platts we William Johnson ýaly pudagyň esasy gatnaşyjylary bar.

06102024-ogt-2024-privlekaet-globalnoe-vnimanie (3).JPG

Sergä gatnaşyjylar nebit-gaz pudagynda täze işläp taýýarlamalar we çözgütler bilen tanyşyp bilerler.

Türkmen eksponentleri Garagum Hazynasy, Nurly Tolkun, Türkmen gala, Hazar Logistiks, Arassa Söwda we Gurluşyk, MENO logistics we beýleki köpsanly kompaniýalar tarapyndan tanyşdyrylar. “OGT Expo”-nyň täzeçiligi kompaniýalar üçin öz önümleriniň we hyzmatlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmäge niýetlenen ýörite prezentasiýa zolagy bolar.

“OGT-2024” ählumumy nebit-gaz pudagyna gatnaşyjylar üçin hyzmatdaşlygy berkitmäge we tejribe alyşmaga möhüm meýdança boljagy şüphesizdir.

Ähli gyzyklanma bildirýän wekillere maslahata gatnaşmak üçin bellige alnyşlar 13-nji oktýabra çenli dowam etjekdigini ýatladýarys. Onlaýn görnüşinde gatnaşmak üçin bellige alnyşlaryň soňky senesi – 20-nji oktýabr.

Giňişleýin maglumat üçin çäräniň resmi saýtyna https://ogt-turkmenistan.com/ru ýa-da ýüze çykan soraglaryňyz bilen https://ogt-turkmenistan.com/ru saýtyna ýüz tutup bilersiňiz.

Foto: ogt-turkmenistan.com

Şeýle hem okaň: