Iň täze habarlar

Hyundai Engineering – Aşgabatda “OGT-2024” nebit-gaz maslahatynyň kümüş hyzmatdaşy

01.10.2024 | 13:00 |
 Hyundai Engineering – Aşgabatda “OGT-2024” nebit-gaz maslahatynyň kümüş hyzmatdaşy

Aşgabatda 23-25-nji oktýabr aralygynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” (OGT-2024) halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Çäre energetika pudagynyň durnukly ösüşine we Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurtly maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilen sebit dialogynyň pugtalandyrylmagy üçin meýdança bolup, ol dünýä energetikasynda soňky tendensiýalar barada maglumatlary hödürlär.

Bu Maslahatyň kümüş hyzmatdaşlaryň biri hökmünde Günorta Koreýanyň Hyundai Engineering Co., Ltd. kompaniýasy çykyş edýär. 2009-njy ýylda işlenilip taýýarlamalary başlanan Türkmenistanyň tebigy gazynyň iň iri ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegine bu kompaniýanyň gatnaşmagy onuň Maslahatda möhüm ornuny kesgitleýär. Taslamanyň birinji tapgyry 2013-nji ýylda “Türkmengaz” Döwlet konserniniň hem-de Koreýa Respublikasynyň we Hytaýyň hünärmenleriniň tagallalary bilen tamamlandy. Hyundai Engineering Co., Ltd. kompaniýasy bu taslamanyň çäginde gazyň kükürt arassalama zawodynyň gurluşygyna öz goşandyny goşdy.

Kompaniýa Türkmenistanda güýçli depginde işini dowam etdirmek bilen, nebiti gaýtadan işleýän taslamalara işjeň gatnaşýar. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda LG International Corporation kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda täze tehnologiýa ugurlaryornaşdyryldy. Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gaz-himiýa toplumynyň gurulmagy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr. Taslamanyň umumy bahasy 3,4 mlrd amerikan dollara barabar bolup, onuň durmuşa geçirilmegine Hyundai kompaniýasyndan başga-da LG International Corporation we Ýaponiýanyň TOYO International Corporation kompaniýalary hem gatnaşdy. Dünýä ekologiýa standartlaryna laýyk gelýän zawod 2014-nji ýylda Ýewropanyň we Ýewraziýanyň ekologiýa taýdan arassa tasalamalarynyň biri hökmünde Beýik Britaniýanyň TXF Guramasynyň şahadatnamasyna mynasyp boldy.

Şeýle-de Hyundai kompaniýasy ýerli hünärmenleri taýýarlamak işine işjeň gatnaşýar. Gyýanlyda Hünärmenleri taýýarlamak boýunça merkez açylyp, onda 100-den gowrak türkmen işçileri bilimleri özleşdirip, gurluşyga gatnaşmak bilen iş ýüzünde tejribe alýarlar. Hünär taýýarlygyny ýokarlandyrýan hünärmenler sebitde kompaniýanyň geljekki taslamalaryna gatnaşdyrylar. Häzirki wagtda 30 ýurtdan 150-den gowrak wekil OGT-2024 Maslahatyna gatnaşmak üçin isleg bildirdi. Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiriljek duşuşyklar täze maýa goýum taslamalary barada maslahatlaşmak we pikir alyşmak üçin mümkinçilik döreder. Dünýä belli kompaniýalarynyň Maslahata gatnaşmagy ähli taraplaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi üpjün eder.

Gatnaşmak tertibi baradaky giňişleýin maglumatlar bilen çäräniň resmi saýtynda tanyşyp bolar: www.ogt-turkmenistan.com

Foto: www.koreatimes.co.kr

Şeýle hem okaň: