Iň täze habarlar

Ýapon gümrük gullukçylary YYO-ny ornaşdyrmak boýunça tejribelerini paýlaşdylar

01.10.2024 | 11:23 |
 Ýapon gümrük gullukçylary YYO-ny ornaşdyrmak boýunça tejribelerini paýlaşdylar

Ygtyýarlandyrylan operatorlar institutynyň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Ýaponýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük töleg we tarif müdiriýetiniň hünärmenleriniň arasynda geçirilen onlaýn-duşuşygynyň esasy mowzugy boldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň degişli edarasynyň sekiz hünärmeni Tokionyň gümrük edarasynyň wekilleri tarapyndan berilen sapaklarynyň üsti bilen bilimlerini ösdürip, Ýaponiýada YYO maksatnamalarynyň ulanylyş tejribesini öwrendiler.

Mundan başga-da, ýapon tarapy gümrük işiniň beýleki ugurlary boýunça tejribe paýlaşmaga taýýardygyny belledi.

Ygtyýarlandyrylan ykdysady operator – bu gümrük pudagynyň ýöriteleşdirilen gatnaşyjysy bolup, ol howpuň pes derejeli toparyna degişli bolmak bilen, onuň Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň gümrük çäginde ýörite aňsatlaşdyrmalaryndan peýdalanmaga hukugy bardyr.

Ygtyýarlandyrylan ykdysady operator instituty Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň Gümrükl kodeksinde kanuny taýdan berkidilen.

ORIENT news

Foto: customs.gov.tm

Şeýle hem okaň: