Astrahan oblasty Türkmenistanyň logistika merkezi üçin 20 gektar ýer bölüp berdi
30.09.2024 | 01:40 |Astrahan oblastynyň Hökümeti “Lotos” ykdysady port zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini ýerleşdirmek üçin 20 gektar ýer bölegini taýýarlady diýip, sebitiň gubernatorynyň orunbasary we hökümetiniň başlygy Denis Afanasýewe salgylanyp TASS habar berýär.
— Biz eýýam köp wagtdan bäri Türkmenistanyň söwda-logistika merkezi üçin bu ýer bölegini saklap gelýäris we muny dowam etdirmek isleýäris, sebäbi diňe bir Türkmenistana däl, eýsem şuňa meňzeş şertleri Eýran Yslam Respublikasyna hem teklip etmek meýilleşdirýäris. Biziň Eýran bilen hem uly möçberdäki daşary ykdysady işlerimiz bar – diýip Afanasýew belledi.
Aşgabat şäherine iş sapary wagtynda türkmen kärdeşleri bilen taslamany jikme-jik ara alyp maslahatlaşdyk diýip, Afanasýew sözüniň üstüne goşdy. “Bu gün merkeziň işiniň tehniki taraplaryny ara alyp maslahatlaşdyk we onuň işleýşi barada pikir alyşdyk. Tehniki maslahatlaşmalarda öňegidişlik gazandyk, ýöne durmuşa geçirmke işleriniň möhleti entek kesgitlenmedi. Muňa garamazdan, ýer bölegi biziňki bolmagynda galýar” – diýip, Afanasýew mälim etdi.
Logistika merkezini döretmek hakynda ylalaşyga şu ýylyň ýylyň ýanwar aýynda Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde “Lotos” AYZ (aýratyn ykdysady zolagynyň) baş direktory Sergeý Miluşkin bilen “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň” baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Merdan Bäşimowyň arasynda gol çekildi.
ORIENT news