Iň täze habarlar

Çehiýa öz işewürlerini oktýabr aýynda Aşgabada iberer

27.09.2024 | 21:45 |
 Çehiýa öz işewürlerini oktýabr aýynda Aşgabada iberer

Çehiýanyň işewür wekiliýetiniň Aşgabat şäherine sapary şu ýylyň oktýabr aýynda meýilleşdirilýär. Bu missiýanyň Türkmenistan bilen Çehiýanyň arasyndaky söwda we ykdysady işjeňligi höweslendirmek üçin ähmiýeti iki ýurduň daşary işler ministrleri – Raşid Meredow we Ýan Lipawski 26-njy sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşygyň dowamynda bellediler.

Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-çeh iş toparyny döretmek barada ylalaşdylar diýip, Türkmensitanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

27092024-biznes-missiya-chehii-v-ashhabad (1).jpg

Syýasy-diplomatik ugur babatda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany we Hyzmatdaşlygyň maksatnamasyny işläp düzmek barada ylalaşdylar.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde parlamentara hyzmatdaşlygynyň orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Çehiýa Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygynyň orunbasarynyň 2025-nji ýylda Türkmenistana boljak saparynyň ähmiýeti nygtaldy.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: