"Yug-Neftegaz Private Limited" - "OGT-2024" Halkara maslahatynyň we sergisiniň kümüş hyzmatdaşy
28.09.2024 | 12:30 |«Yug-Neftegaz Private Limited» Aşgabatda 2024-nji ýylyñ 23-25-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Türkmenistanyñ nebiti we gazy» (OGT-2024) XXIX halkara maslahatynyñ we sergisiniñ kümüş hyzmatdaşy boldy.
OGT-2024 energetikanyñ geljegi we türkmen nebit-gaz pudagynda maýa goýum mümkinçilikleri ýaly möhüm mowzuklaryñ ara alyp maslahatlaşmagyna ähmiýet berer. Ýaşyl energetika meselelerine we uglewodorodlaryñ işlenilip taýýarlanylmagynda ekologiýa jähtlerine aýratyn üns beriler. Mundan başga-da, üstünlikli energetika geçişinde tehnologiýa innowasiýalary we adam maýasynyñ orny baradaky meselelere garalar.
«Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy Türkmenistanda iş alyp barmak bilen, uglewodorod ygtyýarnamalarynyñ we bloklaryñ gözlegi we işlenilip taýýarlanylmagy, nebit önümleriniñ gaýtadan işlenilmegi we söwdasy, meýdan geofizika barlaglarynyñ geçirilmegi, nebit we gaz guýylarynyñ buraw işleri, buraw enjamlarynyñ kärende işleri, buraw guýylarynyñ düýpli abatlaýyş işleri, gazylyp alynyşyñ intensifikasiýasy hem-de nebit-gaz infrastrukturasynyñ gurluşyk we döwrebaplaşdyrmak işleri we seýsmiki maglumatlaryñ işläp taýýarlamalary bilen meşgullanýar.
Aşgabatda 2008-nji ýylda «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasynyñ şahamçasynyñ açylan wagtyndan bäri, ol birnäçe taslamalary, şol sanda hereket etmeýän buraw guýylarynyñ dikeldiş işlerini, täzelerde buraw işlerini hem-de seýsmiki gözlegleriñ 2D we 3D görnüşiniñ ýerini ýetirilişini amala aşyrdy.
Kompaniýa dünýäniñ dürli künjeklerinde nebit-gaz taslamalarynyñ durmuşa geçirilmegi boýunça öndebaryjy orunlary eýeleýär. Bu günki gün «OGT-2024» Maslahatyna gatnaşmak üçin 30 ýurtdan 150-den gowrak wekil bellige alyndy. Giñişleýin maglumat bilen çäräniñ web-saýtynda tanyşyp bolar: http://www.ogt-turkmenistan.com/