Pekinde Durnukly ulag boýunça ählumumy forumy geçirilýär
25.09.2024 | 21:50 |25-nji sentýabrda Pekinde “Durnukly ulag: dünýäni birleşdirýän logistika” şygary bilen Durnukly ulag boýunça ählumumy forum başlandy. Foruma 26 ýurtdan ulag ministrler we ministrleriniň orunbasarlary derejesinde wekiller gatnaşdy.
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri He Lifen, 2024-nji ýyldaky Durnukly ulag boýunça ählumumy forumyň açylyş dabarasynda çykyş edip, ulagyň durnukly ösüşini ösdürmek we halkara logistikanyň üznüksiz akymyny üpjün etmek üçin bilelikdäki tagallalara çagyrdy diýip, “China Daily” habar berýär.
Hytaý, ulag infrastrukturasynyň gurluşygyny we tehniki hyzmatyny gowulandyrmak, halkara logistika üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny we üznüksiz akymyny saklamak we ulag howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ähli taraplar bilen işleşmäge taýýar diýip, He Lifen aýtdy.
Hytaýyň halkara gatnawy üçin hyzmat kepillikleriniň derejesini ýokarlandyrjakdygyny we “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyň çäginde aragatnaşygy üpjin etmek üçin köp ölçegli toruň döredilmegine goldaw berjekdigini aýtdy.
IRU-nyň Baş sekretary Umberto de Pretto hem açylyş dabarasyna gatnaşdy we 1-nji sessiýa, “Baglanyşyk - adatdan daşary ýagdaýlarda dolandyryş we kömek çärelerinde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, durnukly halkara logistika we üpjünçilik zynjyrlaryny gurmak” atly 1-nji sessiýada moderator bolup çykyş etdi.
Halkara tertibi yzygiderli üýtgeýän şertlerinde logistika üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny güýçlendirmek öňküsinden has möhümdir. Logistika deň täsirlenme tizligine we çydamlylygyna eýe bolmak üçin hemmetaraplaýyn we giň ulag ulgamyny gurmak zerur diýip, beýleki çykyş edenler belledi.
Forumyň ilkinji gününde “Ählumumy dolandyryş – ählumumy durnukly ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly ministrler derejesinde duşuşyk geçirildi, bu ýerde dürli ýurtlardan we sebitlerden ulag edaralarynyň we degişli kärhanalaryň wekilleri bilen pikir alyşyldy.
26-njy sentýabr, penşenbe güni, täze energiýanyň ösüşini öňe sürmek we dünýäniň ulaglarynyň ekologiýa taýdan arassa we az uglerod tehnologiýalaryna geçişini çaltlaşdyrmak boýunça tematiki sessiýa bolar.
Durnukly ulaglar boýunça ählumumy forumyň netijesi boýunça mundan beýläkki işleriň konsepsiýasyny hödürleýän “Pekiniň görüşi” resminamasy kabul ediler.
ORIENT news