Türkmenistanyň RF-ndaky Ilçihanasynda GDA-nyň çägindäki ulag hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
26.09.2024 | 13:45 |GDA-nyň çäginde ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň ulag boýunça utgaşdyryjy maslahatynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Gennadiý Bessonowyň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, “Ulag hepdeligi-2024”-iň “meýdançasynda” noýabr aýynda Moskwada meýilleşdirilýän GDA agza döwletleriniň ulag boýunça utgaşdyryjy maslahatynyň 44-nji mejlisiniň geçirilmegi barada giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Ilçihanasynda hahar berildi.
GDA-nyň çägini hasaba almak bilen “Demirgazyk-Günorta” geçelgesiniň we gündogar ugruň mümkinçiligini ýokarlandyrmak meýilnamalaryny, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny we logistika merkezini döretmek meýilnamasyny göz öňünde tutup, Astrahan sebitiniň portynyň ýörite ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek, pudakda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we beýleki taslamalar Türkmenistanyň halkara ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygynyň gün tertibini düzýär.
ORIENT news