OGT-2024: Türkmenistanyň energetika pudagynda üstünligiň formulasy
27.09.2024 | 12:10 |46 ýurtdan 400-den gowrak halkra wekillerini ýygnan Türkmenistanyň Maýa goýum maslahatynyň (TIF-2024) üstünlikli geçirilenden soňra, Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” (OGT-2024) XXIX maslahatyny we sergisini kabul etmäge taýýarlanýar.
Çäre 23-25-nji oktýabr aralygynda geçirilip, ýurduň nebit-gaz pudagynyň maýa goýum mümkinçiligi bilen baglanyşykly döwrebap meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolar. Türkmen tebigy gazyň eksportuny ösdürmek, TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygynyň ösüşi, “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegiň täze tapgyrlary, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň we gaz himiýasy taslamalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna maýa goýumlaryň çekilmegi ýaly mowzuklar maslahatlaşmanyň üns merkezinde bolar.
Energetika geçişi, innowsion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýangyc-energetika toplumynda iň gowy halkara tejribeleri we uglewodorodyň gazylyp alynmagynyň ekologiýa taraplary, şol sanda metanyň we kömürturşy gazyň zyňyndylaryny azaltmak ýaly meselelere Maslahatda aýratyn ähmiýet beriler. Çäräniň hyzmatdaşlarynyň sanynda ADNOC, Çalık Enerji, CNPC, Yug-Neftegaz, Hyundai Engineering and Consrtuction we Schlumberger hem-de täze gatnaşyjylar, şol sanda hytaýly konsorsium Geo Jade Huineng ýaly kompaniýalar bar.
OGT-2024 täze hyzmatdaşlary we Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna mümkin bolan maýadarlar
Bu ýyl OGT-2024-de ADNOC kompaniýasy maslahatyň baş hyzmatdaşy hem-de OGT Expo gatnaşyjysy hökmünde çykyş edýär. ADNOC BAE-niň iri nebit kompaniýasy bolup, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri zerarly önümçiligiň peselmegine bolan ählumumy basyş şertlerinde nebitiň gazylyp alynyşyny barha ösdürýän az sanly kompaniýalarynyň birisidir. 2021-nji ýylda onuň gazylyp alynyşy bir gije-gündizde 4 mln barrele deň boldy, 2030-njy ýyla çenli bolsa ony 5 mln barrele çenli ýolarlandyrmagy meýilleşdirýär.
Şeýle-de hytaýly konsorsium Geo Jade Huineng Maslahata hem işjeň gatnaşýar. Ol 2023-nji ýylda döredilip, nebit gözleglerinde, energiýanyň we maliýe serişdeleriniň täze çeşmeleri ugry boýunça iş alyp barýar. 2023-nji ýylyň ahyrynda kompaniýanyň aktiwleri 230 mlrd ýuana barabar boldy, nebitiň we gazyň tassyklanan gorlary – 560 mln tonna we 178 mlrd m3 deň boldy. Bu Hytaýyň iň iri nebit kompaniýalarynyň biri.
OGT-2024 esasy çykyş edýänler we möhüm mowzuklar
OGT-2024 tassyklanan çykyş edýänleriň arasynda – CNPC kompaniýasynyň prezidenti Hou Sziszýun; “S&P Global” kompaniýasynyň wise-başlygy Deniel Ýergin; “Bp” kompaniýasynyň gözleg we gazylyp alynyş boýunça ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ariel Flores; BMG-niň Ýewropanyň ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň müdiri Dario Liguti; Metan zyňyndylary halkara obserwatoriýasynyň ýolbaşçysy Manfredi Kaltajirone ýaly tanymal bilermenler bar.
Bölümçe çekişmeleriň moderatorlary hökmünde “Natural Gas World” dünýä belli pudaklaýyn žurnalyň redaktory Jozef Merdi; “S&P Global Platts Commodity Insights” kompaniýasynyň Gaz, suwaldylan tebigy gaz we pesuglerod gazlar boýunça ählumumy konsalting müdiri Filippn Worobýow; “S&P Global Platts Commodity Insights” kompaniýasynyň Gaz konslating boýunça ählumumy bölüm ýolbaşçysy Erik Eýberg; ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň energetika geçişi meseleleri boýunça uly geňeşçisi Kneýon S.Uiwer we başgalar çykyş ederler.
Pudaklaýyn bölümçelerde dünýä energetikasynda Türkmenistanyň strategik orny, energetika infrastrukturasynyň pugtalandyrylmagy hem-de halkara hyzmatdaşlyk ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşarlar. Türkmen gazynyň we nebit himiýa bazarynyň häzirki tendensiýalarynyň seljerilişi beriler hem-de senagatda metany ulanmak mümkinçilikleri we energetika taslamalarynyň maliýeleşdirilmegi barada maslahatlaşylar.
OGT-2024-üň aýratyn bölümçesi “Ýaşlar”, “Garakel” ýataklary bilen bilelikde gorlary 27,4 trln m3 deň bolan dünýäde iri gury ýer “Galkynyş” gaz käniniň mundan beýläk-de özleşdirilmegine bagyşlanylar. Ýakynda “Türkmengaz” Döwlet konserni bu gaz käninde onuň özleşdirilmeginiň täze tapgyrynyň çäginde gazyň işlenilmegi üçin niýetlenen desgalaryň taslamasy we gurluşygy babatda Hyundai Engineering Co., Ltd. kompaniýasy bilen çarçuwaly ylalaşyga gol çekdi.
Mundan başga-da, pudaklaýyn işgärleri taýýarlamak, energiýa netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak we Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy boýunça bilim derejesini ýokarlandyrmak ýaly meselelerine garalar. Türkmen gazynyň eksport bazarlary, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ösüşi hem-de Azerbaýjana gazyň orun tutma shemasy boýunça geçirişleriň artrylmagy esasy mowzuklaryň biri bolar.
S&P Global Platts çaklaýyşyna görä, tebigy gaz pesuglerodly geljege geçiş işiniň möhüm elementi bolup, kömüri we nebity tebigy gaza çalyşmak bilen howanyň hapalanmagyny we parnik gazlarynyň zyňyndylaryny peselder. 30 mlrd m3 möçberde gazyň Türkmenistandan Hytaýa her ýylky eksporty 60 mln tonna kömüre deň bolup, sebitiň howa şertlerine oňaýly täsir edýär.
OGT-2024 Maslahaty Türkmenistanyň energetika taslamalaryna daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine, ýangyç-energetika toplumynda ylmy barlaglaryň ösdürilmegine we halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilendir. Maslahatyň çäginde geçiriljek OGT EXPO sergisi dünýä we türkmen nebit-gaz pudagynyň gazanan üstünliklerini açyp görkezer, sergiň täze elementleri bolsa halkara hyzmatdaşlygyň wajyplygyny aýratyn açyp görkezer.
30 ýurduň 150-den gowrak wekilleri eýýäm öz gatnaşmaklaryny hasaba aldylar. Hasaba alnyş 13-nji oktýabra çenli dowam eder. Giňişleýin maglumat bilen Çäräniň saýtynda tanyşyp bilersiňiz: https://ogt-turkmenistan.com/ru