Gazagystan 2030-njy ýyla çenli nebitiň gazylyp alnyşyny 100 mln tonna çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär
25.09.2024 | 15:35 |2030-njy ýyla çenli Gazagystan nebitiň gazylyp alnyşyny 100 mln tonna çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.
Bu barada Almatada geçirilen “Nebit we gaz” Gazagystanyň 29-njy Halkara sergisinde we maslahatynda respublikanyň energetika ministri Almasadm Satkaliýew aýtdy. Bu barada Gazagystanyň halkara habarlar agentligi “Kazinform” habar berýär.
Onuň aýtmagyna görä, 2023-nji ýylda Gazagystanda nebitiň gazylyp alnyşy 90 mln tonna (655 mln barrel) barabar boldy, nebitiň eksporty bolsa 70,5 mln tonna (517 barrel) deň boldy.
2023-nji ýylda tebigy gazyň gazylyp alnyşy 59,1 mlrd m3 ýetirildi, 2030-njy ýyla çenli bolsa bu görkezijini 90,7 mlrd m3 çenli ösdürmeklik meýilleşdirilýär.
ORIENT news