BMGÖM we Beýik Britaniýanyñ Ilçihanasy Türkmenistanda döredijilikli ykdysadyýetiñ ösdürilmegini goldarlar
23.09.2024 | 22:45 |BMG-niñ Ösüş maksatnamasy hem-de Türkmenistandaky Beýik Britaniýanyñ Ilçihanasy döredijilikli we innowasion ykdysadyýetiñ ösdürilmegine goldaw bermek bilen durnukly ykdysady ösuşe ýardam etmekde tagallalaryny birleşdirdiler. Täze başlangyç Türkmenistanyñ ykdysadyýetiniñ diwersifikasiýalaşmagyna goldaw bermäge, zenanlaryñ we ýaşlaryñ hukuklarynyñ we mümkinçilikleriniñ giñeldilmegine hem-de ýurduñ ählumumy bäsleşige ukyplylygynyñ ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir diýip, Türkmenistanda BMG-niñ Ösüş maksatnamasynyñ habarlarynda aýdylýar.
Taslamanyñ maksady durnukly ykdysady ösüşi höweslendirmek, milli ykdysadyýetiñ diwersifikasiýalaşmagyny goldamak hem-de döredijilikli we innowasion ykdysadyýeti öñe sürmek bilen ählumumy bäsleşige ukyplylygy berkitmek. Taslama ýerli döredijilikli bölegiñ ýurduñ ykdysady pudaklaryna işjeñ gatnaşmagy üçin mümkinçilikleriñ artdyrylmagyna gönükdirilendir.
Bu taslamanyñ çäginde BMG-niñ Ösüş maksatnamasy döredijilikli ykdysadyýeti ösdürmek, innowasiýalary we telekeçiligi goldamak boýunça teklipleri taýýarlar.
Mundan başga-da döredijilikli we ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýet boýunça maslahatyñ geçirilmegi hem-de onuñ hökümet, halkara guramalaryñ, işewürlik toparlarynyñ wekillerini, halkara bilermenleri we döredijilikli bölegiñ wekillerini birleşdirmegi meýilleşdirilýär. Maslahat döredijilikli ykdysadyýet hem-de öñdebaryjy tejribe alyşmak üçin oñaýly kanun çykaryjylyk binýadyny işjeñleşdirmek üçin meýdança bolar.
"Durnukly abadançylygy gazanmak üçin Türkmenistana öz döredijilik we innowasion akyllarynyñ mümkinçiliklerini açmak zerurdyr. Telekeçiligi we innowasiýalary goldaýan ykdysadyýeti höweslendirmek bilen ykdysady diwersifikasiýa we inklýuziw ösüş üçin ýurt tarapyndan şertler döredilýär. Bu başlangyç ýaşlar üçin mümkinçilikleriñ döredilmegine gönükdirilip, Türkmenistan üçin durnukly we geljegi uly bolan ykdysadyýetiñ ösdürilmegine mümkinçilik berer" - diýip, Türkmenistanda BMG-niñ Ösüş maksatnamasynyñ hemişelik wekili Narine Saakýan belledi.
"Döredijilikli bölek Beýik Britaniýanyñ ykdysadyýetiniñ ösüşi üçin möhüm çeşme boldy, we biz bu tejribämizi Türkmenistan bilen paýlaşmak islärdik. Ykdysady ösüşi höweslendirmekden başga-da, döredijilikli bölek milli barlygy berkidip, innowasiýalara ýol açýar. Şeýle-de biziñ belleýşimiz ýaly, ol Beýik Britaniýada oba ýerlerinde iş orunlaryny döredip, ýerli bileleşikleri goldamaga ýardam berýär" - diýip, Türkmenistandaky Beýik Britaniýanyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon belledi.
ORIENT news