"World Utilities Congress" maslahatynda Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça öz meýilnamalaryny hödürledi
20.09.2024 | 22:46 |Türkmenistanyñ wekiliýeti 16-18-nji sentýabr aralygynda Abu-Dabide (BAE) geçirilen Jemagat kärhanalarynyñ bütindünýä kongressine (World Utilities Congress 2024) gatnaşdy.
Türkmenistanyñ wekiliýetine energetika ministriniñ orunbasary ýolbaşçylyk edip, onuñ düzümine Türkmenistanyñ DIM-niñ hem-de "Türkmengaz" Döwlet konserniniñ wekilleri girdi. Kongresse ministrlerden, syýasatçylardan, halkara guramalaryñ we işewürlik toparlarynyñ wekillerinden ybarat 90-dan gowrak ýurtdan 1400-e golaý wekil gatnaşdy. Kongress Arap suw maslahaty bilen bir wagtda geçirilip, ekologiýa meseleleri boýunça 100-den gowrak sessiýalardan ybarat boldy.
Türkmen wekiliýeti öñdebaryjy kompaniýalaryñ innowasion çözgütleri ýerleşdirilen energetika pudagynda iñ täze tehnologiýalar we jemagat hyzmatlaryna bagyşlanan sergä baryp gördidi. Ikinji gün bolsa "Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniñ kuwwatynyñ üç esse ýokarlandyrylmagy: meýillerden heteketlere" atly sessiýa geçirilip, onda ministriñ orunbasary Nurmämmet Nurmämmedow Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça öñde duran meýiller bilen tanyşdyrdy.
Şeýle-de Energiýanyñ gaýtadan dikeldilýän çeşmeler boýunça halkara agentliginiñ (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera bilen duşuşyk geçirilip, 2024-2025-nji ýyllarda gaýtadan dikeldilýän energiýa babatda Türkmenistanyñ maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy. La Kamera Tütkmenistany Bakuda geçiriljek COP-29 sammitiniñ çäklerindäki Energiýanyñ gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniñ ösdürilmeginde maýa goýumlar boýunça maslahata gatnaşmak üçin çagyrdy.
Kongressiñ soñky gününde türkmen wekiliýeti geljekde gaýtadan dikeldilýän energiýanyñ ornuna we hususy böleginiñ çekilmegi bilen onuñ maliýeleşdirmegiñ usullaryna bagyşlanan sessiýa gatnaşdy.
ORIENT news