Gawaýada dünýäde ilkinji “Awtoulaglar üçin MRT” hyzmaty açyldy
23.07.2024 | 10:00 |Dünýädäki ilkinji “Awtoulaglar üçin MRT” hyzmaty nemes awtoulag öndüriji kompaniýasy bolan BMW-iň Gonoluludaky hyzmat ediş merkezinde açyldy.
Bu hyzmat müşderleriň awtoulaglary üçin çalt we hemmetaraplaýyn gözden geçirmek üçin elýeterlidir. Ozal kemçilikleri barlamak we tapmak el bilen amala aşyrylýardy, bu bolsa köp wagt alýardy. Indi täze enjamyň kömegi bilen bu hyzmat 5 sekundyň dowamynda amala aşyrylýar.
Awtoulagy gözden geçirmek üçin taýýarlamak zerurlygy ýok, diňe ony ýörite skanerden geçirmeli. Emeli aňyň kömegi bilen tehnologiýa alnan maglumatlary seljerýär we ähli kemçilikleri kesgitleýär.
Islege görä, nämäni bejermelidigini çözer ýaly awtoulagdaky näsazlyklar derrew analog suratlar görnüşinde müşderä görkezilip biler.
BMW kompaniýasynda bellenilmegine görä, “Awtoulaglar üçin MRT” adam faktoryndan dolylygyna azat bolup, örän takyk işleýär.
ORIENT news