Iň täze habarlar

DN TOURS Turkmenistan – syýahatçylyk dünýäsinde siziň ygtybarly hyzmatdaşyňyz!

10.06.2024 | 10:05 |
 DN TOURS Turkmenistan – syýahatçylyk dünýäsinde siziň ygtybarly hyzmatdaşyňyz!

Meşhur DN TOURS turoperatory Türkmenistanda indi 28 ýyl bäri wizalary resmileşdirmek hem-de turlary satmak hyzmatyny hödürleýär. DN TOURS Russiýanyň S7 awiakompaniýasynyň resmi wekili bolmak bilen, Russiýa, Türkiýe, BAE, Malaýziýa, Wýetnam, Ýewropa we beýleki birnäçe ugurlar boýunça syýahatçylygy hödürleýär.

DN TOURS daşary ýurtly myhmanlar üçin ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar. Ol Türkmenistana wizalary resmileşdirmäge hem ýardam berýär.

DN TOURS bilen myhmanlar gadymy Dehistanyň, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýadygärlikler, Parfiýa şalygynyň paýtagty bolan ajaýyp Nusaýy gadymy Horezm ýadygärlikleri, gadymy Merw we beýleki täsinlikler bilen tanşyp bilýärler.

DN TOURS-yň tejribeli hem-de ussat işgärleri müşderileriň oňaýly we howpsuz syýahat etmeklerini üpjün etmek boýunça yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Olar her bir müşderä ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmäge çalyşýarlar.

Bu kompaniýa syýahatçylyk bazaryny yzygiderli öwrenmek arkaly işini kämilleşdirýär. Kompaniýa müşderilerine täze syýahatçylyk ugurlaryny we saparlary hödürlemek bilen, özüniň alyp barýan işine täze tehnologiýalary ornaşdyrýar.

ORIENT news

Foto: DN TOURS tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: