Oktýabr aýynda Ermenistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçiriler
21.05.2024 | 02:17 |Şu ýylyň oktýabr aýynda Ermenistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen Ermenistanyň bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýanyň arasyndaky gepleşiklerde pikir alşyldy. Duşuşyk 17-18-nji maý aralygynda Aşgabatda geçirilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde geçirildi.
Mundan başga-da, Şamyradow we Andreasýan Ermenistanyň simfoniki orkestriniň Aşgabatda kompozitor Arno Babajanýanyň hormatyna konsertiniň guralmagyny maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Ýerewandaky Medeniýet günleri bir ýyl öň, 2023-nji ýylyň 31-nji maýyndan 3-nji iýuny aralygynda geçdi.
ORIENT news