Iň täze habarlar

Suwdaky emeli aň: ýüzýän «Nautilus» maglumat merkezinde enjamlar oturdylar

23.04.2024 | 20:55 |
 Suwdaky emeli aň: ýüzýän «Nautilus» maglumat merkezinde enjamlar oturdylar

Emeli aň tizlendirijilerini işläp düzmäge ýöriteleşen amerikan başlangyç kompaniýasy «Cerebras Systems» Kaliforniýanyň Stokton şäherinde maglumatlary gaýtadan işlemek boýunça «Nautilus Data Technologies» ýüzýän maglumat merkezinde enjamlaryny oturdar diýip, «Datacenter Dynamics» habar berýär.

Kuwwaty 6,5 MWt bolan «Nautilus» her bölüm üçin 55 kWt çenli energiýa hödürleýär. Desgada iň ýokary güýçde 26 sagat işlemäge ýeterlik ýangyçly ätiýaçlyk generatorlary bar.

Merkezde derýanyň suwunyň ulanylmagyna esaslanýan patentlenen «Nautilus» suwuk sowadyş tehnologiýasyny ulanylýar. Suw San-Hoakin derýasyndan gelýär.

Gol çekilen şertnamanyň çäklerinde «Cerebras» 2,5 MWt kärendesine alýar. Maglumatlary gaýtadan işleýiş merkezinde WSE-3 tizlendirijilerine esaslanýan «Cerebras CS-3» ulgamlary ýerleşer. Bu önümlerde 4 trillion tranzistor bar, 900 müň ýadro we 44 GB SRAM ýady saklanýar.

Ýerli howpsuzlyk edaralary sebite 24 sagat gözegçiligi üpjün edýärler, Içerki howpsuzlyk ministrligi, ABŞ-nyň Kenarýaka gorag gullugy we San-Hoakin etrabynyň şerifiniň bölümi ýerüsti we suw ýollaryna gözegçiligi amala aşyrýarlar.

ORIENT news

Foto: servernews.ru

Şeýle hem okaň: