Iň täze habarlar

Ýaşlaryň bütindünýä festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň 17 wekili Soçi şäherine ugrady

29.02.2024 | 14:39 |
 Ýaşlaryň bütindünýä festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň 17 wekili Soçi şäherine ugrady

Ýaşlaryň bütindünýä festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistandan 17 wekil penşenbe güni Aşgabatda Soçi şäherine ugrady. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyna salgylanyp, “TASS” habarlar agentligi mälim edýär.

17 wekiliň hatarynda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri we sanly hyzmatlar boýunça maslahatçy bar. Olar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, A.S.Puşkin adyndaky Bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň, ÝUNISEFIŇ Türkmenistandaky wekilhanasynyň, “Rossotrudniçestwo” edarasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň adyndan wekilçilik edýärler.

Festiwal 1-7-nji mart aralygynda Sirius federal çäkde geçiriler. Oňa bilim, ylym, medeniýet, halkara hyzmatdaşlygy, meýletinçilik, sport, işewürlik we žurnalistika ýaly ugurlarda tapawutlanan ýaşlaryň 20 müňüsiniň gatnaşmagyna garaşylýar. 10-17-nji mart aralygynda festiwalyň sebitleýin maksatnamasy geçiriler, onuň çäklerinde gatnaşyjylar Russiýanyň 30 şäherine baryp görerler.

2-2.jpg

“WFM-2024” festiwalyna gatnaşyjylar öz günlerini sportda dünýä belli ussatlar bilen ertirki maşklary ýerine ýetirmek bilen başlarlar. Olara sport babatda öz başarnyklaryny, şahsy rekord görkezijilerini görkezmäge hem mümkinçilik berler. Festiwalyň geçirilýän günlerinde 12 ýurtdan 20-den gowrak erkek we aýal toparlarynyň gatnaşmagynda 3x3 basketbol ýaryşy, “BMX” welosipedinde görkeziş çykyşlary, krling boýunça ussatlyk sapaklary, isleg bildirýänler üçin dürli ýaryşlar guralar.

«Всемирные Игры Дружбы» sport toplumynda dürli ugurlar boýunça sport ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda ajaýyp sport tomaşalary, çäreler we ussatlyk sapaklary geçiriler. Tehnologiýa parkynda bolsa, emeli intellektiň kömegi bilen geçmişiň zehinleri bilen gürleşmäge mümkinçilik dörediler. Festiwalyň açylyş we ýapylyş dabarasy geçiriljek «Большой» stadionynyň birinji gatynda «Арт.Молодость» halkara söwda merkezi açylar. Şeýle hem bu ýerde täze sungat we halk döredijiliginiň hem-de senetçiliginiň ýarmarkasy geçiriler.

ORIENT news

Foto: RIA nowosti

Şeýle hem okaň: