Iň täze habarlar

1-nji ýanwardan Gazagystanda käbir awtoulaglara täze belgi ýelmener

28.11.2023 | 09:23 |
 1-nji ýanwardan Gazagystanda käbir awtoulaglara täze belgi ýelmener

Raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün edýän standartlary gowulandyrmak maksady bilen, Gazagystanda gazballon enjamy bilen üpjün edilen awtoulaglaryň eýeleri öz awtoulag serişdelerine ýörite belgini ýelmemäge borçly edildi diýip, Tengrinews internet neşiri habar berýär.

Ýörite belgi sary reňkli, gyralaryndan gara çyzyk geçýän, ýüzünde ýüzlenme belgisi we “GAS” ýazgysy bolan deň taraply üçburçlykdyr. Belgi awtoulag ýapyk awtoduralgalara girende tanamak mümkin bolar ýaly edilip ýerleşdirilmelidir.

Bu düzgün 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer.

С 1 января на ряд авто в Казахстане будут клеить новый знак

KazStandartyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu standart hökmany bolup, respublikanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan tassyklanan ýol hereketiniň düzgünleriniň sanawyna girizildi.

Gazagystanyň Tehniki kadalaşdyryş we metrologiýa komitetiniň ýolbaşçysy Kuanyş Ýelikbaýew bu belginiň gazballon bilen üpjün edilen awtoulaglary çalt tanamaga ýardam berjekdigini aýtdy. Çünki gaz bilen işleýän enjamlar ornaşdyrylanda howpsuzlyk talaplary kähalatlarda berjaý edilmeýär. Şoňa görä-de, şeýle ulag serişdeleri raýatlar üçin howply bolup biler.

2019-njy ýylyň 29-njy dekabryndan bäri Gazagystanda gazballon bilen işleýän awtoulaglara ýapyk duralgalara giriş gadagan edilipdi.

ORIENT news

Foto: tengrinews.kz

Şeýle hem okaň: