Abu-Dabi “Formula-1” ýaryşynyň jemleýji tapgyryny kabul edýär
25.11.2023 | 07:29 |24-26-njy noýabrda BAE-niň paýtagty Abu-Dabide “Formula-1” ýaryşynyň 2023-nji ýyl möwsüminiň jemleýji tapgyry geçer.
Ýaryş uzynlygy 5281 metr bolan “Ýas Marina” trassasynda geçer. Aýlawlaryň sany 58. Türgenler jemi 306, 183 kilometr ýol geçmeli bolarlar.
“Red Bull”-dan soňra “Ferrari” we “Mersedes”-iň kümüş medal üçin ýaryşy tomaşaçylaryň üns merkezinde bolar.
Abu-Dabide bu ýaryş ilkinji gezek 2009-njy ýylda geçirildi. Soňky üç ýaryşda Maks Ferstappen ýeňiji boldy. Eger niderlandly türgen ýekşende güni hem ýeňiş gazansa, onda ol germaniýaly Sebastýan Fettelden (BAE-de üç ýeňiş) üstün çykar, ýöne bäş gezek ýeňiş gazanan britaniýaly Lýuis Hemiltondan yza galýar.
“Gran-pri Abu-Dabi”-niň tertibi:
24-nji noýabr
12:30—erkin tejribe
16.00-- erkin tejribe
25-nji noýabr
13.30-- erkin tejribe
17.00—kwalifikasiýa
26-njy noýabr
16.00--ýaryş
ORIENT news